icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 mart 2017

1646

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary

2017-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýan bilen gepleşikleri geçirildi.

Ermenistanyň Premýer-ministri mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ermenistan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan etdi hem-de şu günki duşuşygyň türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna we Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ikiçäk görnüşdäki duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Ermeniatanyň Hökümetiniň baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň ençemesini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler. Söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleriň bardygyny göz öňünde tutup, taraplar bu ugurda özaragatnaşyklary işjeňleşdirmeklige meýillerini aýan etdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz tarapyndan Türkmenistanyň Ermenistan bilen däp bolan dostlukly we konstruktiw gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işjeň aragatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-nyň çäklerinde berkitmäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň baştutany we Ermenistanyň Hökümetiniň başlygy döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny, olaryň taryhy ykbalynyň berk baglanyşyklydygyny bellediler.

Ikiçäk görnüşdäki duşuşygyndan soň, iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi. Gepleşikleriň barşynda wekiliýetleriň agzalary sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi