icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 noýabr 2020

971

Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bilen Natalia Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmeklige gönükdirilen, ikitaraplaýyn bähbitli, geljegi uly bolan taslamalara maýa goýumlary çekmek meselelerine, Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna ünsi çekdiler. Bu babatda duşuşyga gatnaşyjylar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan gatnaşyklaryň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Halkara pul gaznasynyň özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi