icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 aprel 2017

1321

Türkmen-Belarus ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzýän toplum işe girizildi

2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanda saparda bolýan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde gurlan kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Döwlet Baştutanlary toplumyň merkezi derwezesiniň ýanynda bilelikde täze desganyň toý bagyny kesdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Garlyk kaliý dag magdan toplumynyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 1600-den gowrak täze iş orunlary dörär, bu bolsa, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer, diýip nygtady. Umuman, Türkmenistanyň senagat pudagynyň ösmegine saldamly goşant goşar. Milli Liderimiz hemmeleri ýurdumyzyň dag-himiýa senagatynyň iri önümçilik desgasy bolan, türkmen-belarus gatnaşyklarynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalyna öwrülen Garlyk dag-magdan toplumynyň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürnýän kuwwaty bolan iri senagat merkezi 2010-njy ýylda türkmen we belarus hünärmenleri tarapyndan gurlup başlandy. Tolplumyň önümçiligi ýurdumyzyň kaliý dökünlerine bolan isleglerini kanagatlandyrar we onuň ep-esli möçberlini eksporta ugratmaga mümkinçilik berer. Garlyk ýatagynda kaliý duzlarynyň ägirt uly gorlary bolup, onuň mukdary 2 milliard tonnadan gowrakdyr. Bu bolsa toplumyň köp onýyllyklaryň dowamynda durnukly işini üpjün eder. Düýn Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşiklerinde bu senagat toplumy iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzýändigi bellenildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko toplumyň çägi bilen tanşyp, kärhananyň işini synladylar. Täze senagat toplumy 100-den goarak desgany özünde jemleýär. Olar Germaniýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa, Daniýa, ABŞ, Russiýa we Belarus ýaly dünýäde ugurdaş tehnikalary öndürmekde belli bolan ýurtlaryň iň täze enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplum üçin kuwwatly energiýa, suw we gaz üpjünçilik binýady döredildi. Onuň çäginde döwrebap inženerçilik ulag-aragatnaşyk we beýleki düzümleriň giň ulgamy çekildi.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplum öz önüminiň ilkinji tonnalaryny içerki we daşarky sarp edijilere ugratdy.

Döwlet Baştutanlary önümçilik desgalary bilen tanyşlygyny tamamlap, dikuçarlarda Türkmenabat şäherine tarap ugradylar.

Türkmenabatdaky howa menzilinde türkmen we belarus Liderleri mähirli hoşlaşdylar. Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşеnko bu ýerden Minskä ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi