icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

25 noýabr 2020

2636

Türkmenistan sebit we global ekologiýa meseleleriniň çözgüdinde halkara hyzmatdaşlygy ugrunda çykyş edýär

«Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň barşyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň ekologiýa ugry boýunça nukdaýnazaryny beýan etdi.

Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki özara hereketleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistan daşky gurşawyň goragyny ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm düzüjileriniň biri hökmünde kesgitleýär. Bu Türkmenistanyň Hökümetiniň kabul eden milli meýilnamalarynda we maksatnamalarynda, şeýle-de sebit hem-de halkara başlangyçlarynda öz beýanyny tapýandyr. Hususan-da, Pariž ylalaşygy bilen sazlaşykly bolan Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa we Milli tokaý maksatnamasy aýratyn bellenildi.  

Ekologiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça koreý tarapy bilen durmuşa geçirilýän özara hereketler, şol sanda Türkmenistanda tokaý hojalygy we howanyň hiline monitoring ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi.  

R.Meredow Aral deňziniň guramagynyň Merkezi Aziýanyň derwaýys ekologiýa meseleleriniň biri bolup durýandygyny ýatlatdy, çünki ol kem-kemden global ähmiýete eýe bolýar we adamyň saglygyna düýpli ýaramaz täsirini ýetirýändir. Türkmenistan bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine çagyrýandyr.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi