icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 aprel 2017

1223

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ynamy berkitmegiň çäreleriniň agza-ýurtlarynyň tehniki toparlarynyň mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosesiniň çäginde «Sebitleýin infrastrukturalar» (RI-CBM) Ynamy berkitmek çäreleriniň agza-ýurtlarynyň Sebitleýin tehniki toparlarynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine 20-ä golaý ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýeti mejlisiň açylyşynda çykyş etmek bilen umumy ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy syýasy ýollar arkaly düzgünleşdirmekde halkara jemgyýetçiligine zerur tagallalary etmegi maksat edinýändigini beýan etdi. Owganystana onuň parahatçylygny, howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmekde we ýurduň ykysadyýetini hem-de durmuş taýdan dikeltmekde hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi.

Türkmenistan Owganystana ýardam bermek boýunça halkara tagallalarynyň işjeň gatnaşyjysy bolup, nebitgaz, ulag we energetika ulgamlarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan ugry boýunça gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistandan Owganystana demir ýolunyň gurluşygy, ýokary woltly elektrik geçirijileriň gurluşygy ýaly möhüm infrastrukturalaýyn taslamalarynyň başyny başlady we işjeň durmuşa geçirmegi dowam edýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýaly ugurlary boýunça elektrik energiýasyny üstaşyr geçirmek boýunça halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistan Owganystanyň Hökümeti bilen ynsanperwer ulgamynda hem hyzmatdaşlyk edýär.

Mejlise gatnaşyjylar Owganystanda sebitleýin infrastrukturalaýyn desgalary boýunça işleri geljekde kämilleşdirmegiň we bu ugurdaky hereketleri durmuşa geçirmegiň ýörelgelerini oýlap tapmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Wekiliýetleriň agzalary durnuklylygy berkitmek we dürli ugurlarda ýurdy ösdürmek boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdiler we bu ugurda geljekde hyzmatdaşlyk etmek meýillerini tassykladylar.

Mejlisiň çäginde Türkmenistan demir ýol we energetika ministrliklerinde ulag ulgamlarynyň sebitleýin integrasiýasynda multimodal ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny, oba ýerleri üçin ulag kommunikasiýalarynyň elýeterliligi, pugtalygyň we durnukly ösüşiň alamaty hökmünde netijeli sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy, energiýa geçirijileriň energiýa netijeliligi we üstaşyr geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy boýunça tegelek stollar geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi