icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2020

699

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

  2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsdanperwer ugurlary boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Sebit hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki işjeň özara hereketler bellenilip geçildi. Iki ýurduň sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri, hususan-da parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagy boýunça halkara tagallalaryna ýardam bermek babatynda nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigi nygtaldy. 

Owganystanyň Prezidenti iri ulag, kommunikasiýa we energetika taslamalary hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine goşýan saldamly goşandy babatynda Türkmenistana minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Owganystanyň çäginde türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna gurlan mekdebiň we saglygy goraýyş merkezleriniň, şol sanda ýakyn günlerde açylmagy meýilleşdirilýän metjidiň gurluşygynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.         

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi