icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 noýabr 2020

824

Türkmenistan ŞHG-nyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Mejlise ŞHG-nyň agza-döwletleriniň we ŞHG-nyň ýanyndaky synçy-döwletleriň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow mejlise myhman hökmünde gatnaşdy.  

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ŞHG-nyň işiniň derwaýys ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyny, şol sanda syýasat we howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugry boýunça özara hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar. Saglygy goraýyş, ylmy barlaglar we ýurtlaryň pandemiýadan soňky döwürde durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi ulgamyndaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Çökgünlige garşy göreşmek ulgamyndaky halkara dolandyrylyşynyň kämilleşdirilmeginiň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň we beýleki halkara düzümleriniň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.

Gatnaşyjylar umumydünýä gymmatlyklarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň Tertipnamasynyň goragy hem-de bölünmeýän, toplumlaýyn we ygtybarly howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda çykyş edýän ŞHG-nyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellediler. Taraplar özara hormat goýmak, adalatlylyk we özarabähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan halkara gatnaşyklarynyň ilerledilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy halkara giňişliginde ŞHG-nyň barha ýokarlanýan abraýy hakynda belläp geçdi we Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Ylmy alyş-çalyşlar we saglygy goraýyş hem-de lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda ulag-üstaşyr we energetika taslamalary arkaly integrasiýa hereketlerine ýardam bermek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda durýandyr. Şonuň ýaly-da türkmen tarapynyň ŞHG-nyň platformasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge hem gyzyklanma bildirýändigi bellenilip geçildi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi