Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Sankt-Peterburg şäheriniň metrosynyň “Sennaýa ploşad”  we “Tehnologiýa instituty” stansiýalarynyň aralygynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Döwlet  Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan  gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.