icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 dekabr 2020

807

Türkmenistanyň daşary işler ministri GDA-a gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Özbegistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi göni aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew dagylar gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar geçen döwür üçin bilelikdäki işleriň netijelerine garadylar hem-de hyzmatdaşlygyň geljek ýyl üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.  Sebitleýin we halkara howpsuzlyk, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar.

Mejlisiň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň hem-de Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamalaryna seredildi.

2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriň arasynda köpderejeli syýasy geňeşmeleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow 2017-nji ýyly 17-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada teklibi öňe sürendigini belläp geçdi.

Türkmenistan GDA-nyň çäklerindäki köpderejeli hyzmatdaşlyga hem-de häzirki döwrüň wehimlerini we howplaryny nazara alyp, ähli derejedäki hyzmatdaşlygyň kämilleşdirilmeginiň wajyplygy ugrunda çykyş edýär.

Türkmen tarapynyň sebitde syýasy we ykdysady durnuklylygy saklamakdaky we ösdürmekdäki, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki, daşky gurşawy gorap saklamakdaky, hususan-da BMG bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamynda gatnaşyklary kämilleşdirmekdäki anyk garaýyşlary beýan edildi. Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara maglumat howpsuzlygyny saklamakda esasy ädimleri tapawutlandyryldy.

Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň netijesinde, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ministleri birnäçe resminamalara, şol sanda 2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriň arasynda köpderejeli syýasy geňeşmeleriň Meýilnamasy hakynda; Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda; Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly halk döredijiliginiň hem-de medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly ˗ milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakynda Çözgütlerine gol çekdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi