icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

10 dekabr 2020

3094

GDA-nyň platformasynda ynsanperwer hyzmatdaşlyk güýçlendirilýär

Şu gün, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşyjylar bu ugurda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlary barada pikir we teklip alyşdylar hem-de geljek döwür üçin bilelikdäki hereketleri beýan etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynda Türkmenistanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, GDA ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýandygyny aýtdy.

GDA-da başlyklyk eden döwründe, ýagny geçen ýyl Türkmenistan birnäçe möhüm çäreleri geçirdi, hususan-da, GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intellegensiýasynyň wekilleriniň, ýagny oňa gatnaşmak üçin gelen Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Täjigistan, Özbegistan we Russiýanyň ylmy işgärleriniň we tanymal sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda forum geçirildi.

Türkmenistanyň ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine taýardygyny we GDA-da 2022-nji ýylyň Halk döredijiliginiň we medeni miras ýyly, 2023-nji ýylda bolsa, milletara sözleýiş dili hökmünde rus dili ýyly hökmünde yglan edilmegi baradaky karary kabul edýändigini aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi