icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 dekabr 2020

972

Türkmenistanda Bitaraplygyň parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi.

Halkara derejeli bu maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Çärä Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ministerler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýerli KHBS-niň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdylar. 

Maslahata sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada belläp geçdi. Ol parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösüşine Türkmenistanyň ygrarlylygyny nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutany dünýä ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak we dostlukly gepleşikler medeniýetini dikeltmegiň zerurlygyna üns çekdi.

Maslahata gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýminiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norowyň hem-de ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azuleniň wideoýüzlenmelerini diňlediler.  

Maslahatyň çäklerinde, özüniň bitaraplyk derejesini nazara almak bilen, Türkmenistanyň halkara we sebitleýin guramalar bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygy barada bellenip geçildi.  

Bu forumy Aşgabatda geçirmek başlangyjy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Maslahat giň halkara seslenmä hem-de dünýäde uly gyzyklanma we goldawa eýe boldy. 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamany kabul etmegi dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň alyp barýan parahatsöýüjilik syýasatyny ykrar etmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.    

Şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisiniň dowamynda “Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnama kabul edildi. 

Halkara maslahat plenar mejlislerde dowam etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi