icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 dekabr 2020

761

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň esaslarynyň biri ynsanperwer hyzmatdaşlykdyr

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň çaklerinde «Bitaraplygyň ynsanperwerlik ölçegleri – durnukly ösüşe we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň «hiç bir adamy ýatdan çykarmazlyk» ýörelgesine goşant goşmak» atly plenar mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysy Ýa.Gurbannazarowa, Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş sekretary Jagan Çapagan, TÜRKSOÝ halkara Guramasynyň Baş sekretary Düsen Kaseinow, Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň Baş sekretary Iligýe want Land, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory, Ýewropada bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmek işiniň Ýörite utgaşdyryjysy Afşan Han, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň başlygy Rişar Komenda, Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň başlygy Sangita Kýoning, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň  Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew, BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory Juliýa Waleze, BSG-niň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska hem-de ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň ýurt boýunça wekili Swetan Swetkowski dagylar çykyş etdiler.  

Mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasy ugurlarynyň biriniň ynsanperwer hyzmatdaşlyk bolup durýandygyny nygtadylar. Ynsanperwer ugur boýunça umumy halkara kadalara gyşarnyksyz eýermek bilen, döwlet adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýerine ýetirilmegi dogrusynda esasy ýörelgeleri netijeli berjaý etmek üçin mümkinçilikler döredýär.  

Öz çykyşynda Jagan Çapagan bitaraplyk derejesiniň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýändigini nygtap, onuň parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine, ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmegine goşant goşýandygyny belledi.  Şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň netijisinde dörän ýagdaýlary ýeňip geçmekde we ynsanperwer ýardam bermek ugrunda bitarap Türkmenistanyň orny bellenildi. Türkmenistan hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy köp ýylyň dowamynda ýakyn hyzmatdaşlyk edip, bu ugurda özara hereketleri giňeldýärler.

TÜRKSOÝ halkara Guramasynyň Baş sekretary bolsa Türkmenistanyň bitaraplygynyň diňe sebitde däl-de, eýsem bütin dünýäde  parahatçylygy pugtalandyrmak we halklaryň arasynda dostlugy ilerletmek üçin giň mümkinçilikler açýandygyny nygtady. 

Halkara bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň işläp taýýarlanylmagyna gatnaşdy. Ol Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisini, ýägny 17-sini kabul eden ilkinji döwletleriň hatarynda bolup, BMG-niň düzüm birlikleri bilen maslahatlaşmak, şol sanda monitoring we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň «hiç bir adamy ýatdan çykarmazlyk» ýörelgesini berjaý etmek arkaly bu maksatlary milli meýilnamalara we strategiýalara ornaşdyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi