icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 dekabr 2020

773

Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen mejlisiň dowamynda energetika diplomatiýasynyň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Häzirki zaman şertlerinde energetika diplomatiýasynyň ählumumy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly  durnukly ösüşi üpjün etmek” atly plenar mejlisi geçirildi.    

Mejlise Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Pürçekow, Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, milli KHBS-niň žurnalistleri, şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.     

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Pürçekow, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň Baş direktory Françesko La Kamera hem-de halkara we sebitleýin guramalaryň beýleki görnükli bilermenleri çykyş etdiler.  

Özüniň wideoýüzlenmesinde Urban Rusnak bitaraplyk konsepsiýasynyň hem halkara guramalar, hem döwletler üçin wajyp düşünje bolmak bilen, häzirki döwürdäki möhüm meseleleriň çözülmegine goşant goşýandygyny we halkara hukugynyň abraýyny berkidýändigini belledi. Bitaraplygyň ýurtlaryň ylalaşmagyna we howpsuzlygyň üpjün edilmedine gönükdirilendigi barada aýdyp, ol bu derejäniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhümdigini belläp geçdi. Urban Rusnak Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy we sebit howpsuzlygyny berkitmeklige, sebit ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşine, sebit we sebitara ulag-üstaşyr geçelgelerini emele getirmäge, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilen başlangyçlary barada aýratyn belledi. Bu başlangyçlar giň halkara seslenmä eýe bolup, Energetika Hartiýasynda kesgitlenen ýörelgelere gabat gelýär.        

Halkara energetika agentliginiň wekili Keýsuke Sadamori öz çykyşynda ygtybarly, elýeterli we durnukly energiýanyň diňe bir ykdysady ösüşi getirmän, eýsem has uly durmuş maksatlara eltýändigi barada belledi. Agentligiň energetika syýasatyny emele getirmek işi barada aýdyp, Halkara energetika agentliginiň energiýa bazarlary we howpsuzlygy boýunça direktory agentligiň “Ählumumy gaz howpsuzlygyna syn” atly her ýylky neşiriniň mazmuny barada gürrüň berdi. Şeýle-de ol dünýäde energetika howpsuzlygyna ýetmek işinde wajyp ugurlar barada nygtady.        

Plenar mejlisiň çäklerinde energiýa howpsuzlygyna ýetmegiň ýollary, energiýanyň ekologiýa taýdan arassa çeşmelerini ornaşdyrmak hem-de geljekki nesil üçin tebigy gorlary gorap saklamak mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi