icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 dekabr 2020

812

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde“Dünýäde parahatçylygy gurmak işine döwletleriň we halkara guramalarynyň goşandy” atly mejlis geçirildi

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Dünýäde parahatçylygy gurmak işine döwletleriň we halkara guramalarynyň goşandy” atly plenar mejlis geçirildi. 

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Ilçi, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýanyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle-de KHBS wekilleri gatnaşdy. 

Mejlisiň dowamynda BMG-niň Wenadaky Edarasynyň Baş direktory, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Gada Fathi Waliniň,  Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy Guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbonyň, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Debora Ann Laýonsyň, “BMG-Zenanlar” guramasynyň Ýewropa ýurtlary we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Aliýa El-Ýassiriň, Halkara zähmet guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň direktory Olga Kulaýewanyň wideoýüzlenmeleri diňlenildi.

Gada Fathi Wali öz çykyşynyň barşynda transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň, terrorçylygyň we korrupsiýanyň hem-de häzirki döwürdäki beýleki howplaryň we wehimleriň öňüni almak işinde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça Müdirligi bilen Bitarap Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň möhümligi barada belledi. Ol BMG-niň Terrorçylyga garşy bütindünýä strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan bilen alnyp barylýan işler barada aýdyp berdi. Şeýle-de bilelikdäki “Ýol kartasynyň” amala aşyrylyşy boýunça amaly ädimleriň ähmiýeti barada belledi.     

Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlap, Lassina Zerbo BMG-niň Baş Assambleýasynyň sebitde we dünýäde parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe we durnuklylyga ýetmekde uly ädim bolan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýasynyň wajyplygy hakynda belledi. Ol Türkmenistanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnama gol çeken we ony ratifisirlän ilkinji döwletleriň biri hökmünde oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezendigi hakynda aýratyn nygtady. Şeýle-de Lassina Zerbo türkmen bitaraplygynyň hökmany ýagdaýda umumy maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.     

Mejlisde çykyş edenler parahatçylyk medeniýetini berkitmäge we ösüş prosesslerine gönükdirilen türkmen bitaraplygynyň artýan ornuny tassykladylar. 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi