icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 dekabr 2020

909

Plenar mejlisde daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
25-ýyllygyna bagyşlanan «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň çäklerinde wideoaragatnaşyk arkaly «Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça mejlis geçirildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Magtymguly Baýramdurdyýewiň, BMG-niň Baş sekretarynyň, BMG-niň Ýewropa üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowanyň,
BMG-niň senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Li Ýongyň, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Jozep Borreliň çykyşlary diňlenildi.

Mejlisiň çäklerinde bellenilişi ýaly, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan birnäçe ulgamlarda ösüşlere eýe boldy. Daşky gurşawy goramak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk aýratyn bellärlikli bolup, ol sebitiň durnukly ösüşinde aýgytly orun eýeleýändir. Şeýle hem, uzakmöhletleýin ekologiýa strategiýasynyň çäklerinde suw diplomatiýasynyň orny bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti «suw diplomatiýasyny» işjeň herekete girizmegiň zerurlygyny birnäçe gezek belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Jozep Borrel öz çykyşynda: «Türkmenistan bitaraplygyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara konstruktiw gepleşikleri geçirmegiň faktory bolup biljekdigini aýdyň görkezdi» diýip belledi. Munuň çäklerinde ol, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça sebitde, ilki bilen bolsa Aral deňziniň töwereklerinde alnyp barylýan hereketlerde strategiki tekliplerini belledi.

Ähli çykyş edenler daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, suw meselelerini çözmek boýunça sebit hem-de halkara derejelerinde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi