icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

21 dekabr 2020

1881

DIM-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy abraýly halkara guramasynyň wekiline Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekdäki alyp baran işleri üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Köp ýyllaryň dowamynda ýetilen üstünlikleri we alnyp barylýan gatnaşyklary geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň gazananlaryny belläp, taraplar Durnukly ösüş maksatlaryny uýgunlaşdyrmak ugrundaky tagallalary birleşdirmek hem-de häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça meselelere seretdiler.

Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.Türkmenistanda birnäçe ýyllaryň dowamynda adam hukuklary, ekologiýa, durnukly ulag we beýleki ulgamlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada nygtalyp geçildi.

Duşuşygy tamamlamak bilen, türkmen tarapy hanym Ýelena Panowa Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürkmekde goşan goşandy üçin ýene bir gezek özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi