icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 ýanwar 2021

927

Türkmenistanda ýokanç keselleriň önüni almak üçin sanjymlary hasaba almak işi dowam etdirilýär

Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek işi işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ilatyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler pugtalandyrylýar.   

Ylmyň gazananlarynyň esasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça epidemiologik gözegçilik ulgamynyň netijeliligi yzygiderli ösdürilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak işi dowam etdirilýär we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda daşary ýurtly öndürijiler bilen gepleşikler geçirilýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Dermanlyk serişdelerini bellige almak we döwlet hil gözegçiligi merkeziniň seljermeleriniň netijeleri boýunça Russiýanyň “EpiWakKorona” atly ikinji rus sanjymyny bellige almak hakynda şahadatnama berildi.

Bu sanjym Russiýa Federasiýasynyň sarp edijileriň hukuklaryny we adamlaryň abadançylygyny goramak ulgamynda gözegçilik boýunça “Wektor” Federal gullugynyň wirusologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkeziniň federal býujet edarasynda işlenip taýýarlanyldy.  

Sanjymy bellige alyş şahadatnamasynyň berilmegi bu serişdäni satyn almaga we Türkmenistanda peýdalanmaga ygtyýar berýär.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi