icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

29 ýanwar 2021

2853

Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça  döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen döredilen «Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparynyň» nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň barşynda 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy, Pudagara toparyň çäklerinde döredilen «Howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere degişli halkara ylalaşyklar boýunça Işçi topary” we «Biologik dürlülik bilen bagly meselelere degişli halkara ylalaşyklar boýunça Işçi topary” hakyndaky düzgünnamalar, şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça hereket edýän halkara şertnamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da,  mejlisiň dowamynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyna Türkmenistanyň başlyklyk eden döwründe Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanan Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Sebitleýin maksatnamasynyň taslamasyna hem seredildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi