icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 fewral 2021

981

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň arasynda söwda-ykdysady meseleler boýunça duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň arasynda söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Esasan «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň wekillerinden ybarat bolan britan wekiliýetine Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösüş depginine oňyn baha berdiler. Türkmen tarapy üçin ýörite tehnikalaryň we enjamlaryň getirilmegine gyzyklanma bildirýän «JCB Sales Limited» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy gepleşikleriň esasy temasy boldy.

Şonuň ýaly-da, maýa goýum meseleleri hem-de bilelikdäki taslamalaryň beýleki ugurlary dogrusynda hem pikirler alşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi