icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

17 sentýabr 2016

2085

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda täze Halkara howa menziliniň toplumynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň baş “howa derwezesi” bolmagyna gönükdirilip, Aşgabatda gurulan täze Halkara howa menziliniň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Howa ulaglarynyň halkara assosiýasiýasy, Döwletara awiasiýa komiteti, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Halkara migrasiýa guramasy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Okeaniýa ýurtlarynyň milli olimpiýa komiteti we başga birnäçe halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň wekilleri türkmen paýtagtyna ýygnandylar. Şeýle hem täze Halkara howa menziliniň toplumynyň açylyş dabarasyna dünýäniň 25-e golaý döwletlerinden howa ýollary gulluklarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Täze Halkara howa menzili islendik howa şertlerinde howa ulaglarynyň ähli görnüşlerini kabul etmäge ukyplydyr we şol bir wagtda hyzmatlaryň halkara standartlaryny üpjün edýär. Häzirki zaman howa menziliniň geçirijilik ukyby sagatda 1600 ýolagça barabar bolar.  Umumy meýdany 1200 gektara barabar bolan täze toplumyň çäklerinde 3 sany terminal – ýolagçy, VIP hem-de ýük terminaly, 3 müň 800 metr uzynlygy we 75 metr ini bolan täze uçuş-gonuş zolagy, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň dolandyryş binasy we beýleki desgalar gurlup ulanmaga berildi.

Häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny kemala getirmek Türkmen döwletiniň baştutanynyň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň esasy özeni bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlaryna laýyklykda, täze Halkara howa menziliniň toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň awiasiýasyny has-da depginli ösdürmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli ynsanperwer aragatnaşyklaryny, syýahatçylygy işjeňleşdirmäge, Türkmenistanyň dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagyna ýardam eder.     

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi