icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 mart 2021

1025

Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleri ulag hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2021-nji ýylyň 11-nji martynda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň şeýle-de ulag ulgamynda iş alyp barýan döwlet agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň degişli agentlikleriniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň hem-de beýleki maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek, şol sanda serhetden geçiş tertiplerini ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak bilen bagly pikir alyşdylar. Duşuşugyň dowamynda, şu ýylyň 19-njy we 22-nji fewraly aralygynda hünärmenler derejesinde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça taýýarlanylan sanitar-epidemiologiki nukdaýnazaryndan howpsuz synag ulag-üstaşyr kerwenleriniň ýola goýulmagy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işiniň kämilleşdirilmegi we ýurdumyzda ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy baradaky maslahatlara garaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi