icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

15 mart 2021

3451

Türkmenistan we Saud Arabystany energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

2021-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň «Somo Al Mamlakah» Saud kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň nebitgaz, himiýa senagaty we maýa goýum ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny belläp geçdiler.

Şunlukda, öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, şeýle-de energetika ulgamyndaky beýleki geljegi uly taslamalaryň oňyn amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki işleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi