icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

18 mart 2021

3294

Owganystanyň Mary şäherindäki täze Baş konsulyna ekzekwatura gowşuryldy

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň Mary şäherindäki täze Baş konsuly Nuriddin Rahmani bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň başynda Owganystanyň Baş konsuly özüniň konsullyk patentini gowşurdy we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy tarapyndan oňa konsullyk ekzekwaturasy berildi.

Taraplar dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna hem-de ösüş mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň we dostlukly halklarynyň arasynda ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejä eýedigi nygtaldy.

Taraplaryň ulag, kommunikasiýa we energetika ýaly ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň has hem ýygjamlaşdyrylmagyna ygrarlydyklary bellenildi.

Baş konsul Nuriddin Rahmani täze wezipesinde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda däp bolan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy we ösdürilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi