icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

25 mart 2021

3716

OYR-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan onlaýn-brifing geçirildi

2021-nji ýylyň 25-nji martynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan «Owganystanyň parahatçylyk prosesi: häzirki ýagdaýy, meseleleri we çözgütleri» atly onlaýn-brifing geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, parahatçylyk gepleşiklerinde Owganystanyň Hökümetiniň wekiliýetiniň başlygy Mohammad Masum Stanikzaý, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal, şeýle-de Türkmenistanda işleýän diplomatik gullugyň wekilleri gatnaşdylar. 

Brifingiň barşynda Owganystanda parahatçylyk prosesiniň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, halkara bileleşiginiň we sebitiň ýurtlarynyň parahatçylyk gepleşikleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça ylalaşygyň gazanylmagy ugrunda tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti dogrusynda pikir alyşyldy.   

Çärä gatnaşyjylar bitarap hem-de goňşy ýurt hökmünde biziň ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik ulgamyndaky mümkinçilikleriniň ulanylmagy arkaly Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ýola goýulmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginde Türkmenistanyň işjeň we möhüm ornuny belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi