2021-nji ýylyň 25-nji martynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem-de «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasynyň direktory Gota Iwanami hem gatnaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda, hususan-da Ýaponiýada öndürilen ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikasynyň Türkmenistana getirilmegi bilen bagly degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki taslamalaryň netijelerine, şol sanda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.
Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ynanyşmak hem-de özara gyzyklanmalaryň nazarda tutulmagyna esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler.