icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

01 aprel 2021

3612

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligi nygtaldy. Sebit we halkara guramalaryň, esasan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Altynjy Hazar Sammitine görülýän taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, Hazar meseleleri barada hem pikir alşyldy. Howpsuzlyk, şol sanda ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerine seredildi.

Şeýle-de ylym, bilim we lukmançylyk ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik garaldy.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi