icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

01 aprel 2021

3098

Türkmenistanyň we RF-nyň arasynda maliýe meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mükinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň «Russiýanyň eksport-import banky» PJ-niň, Russiýa Federasiýasynyň «ВЭБ» döwlet ösüş korporasiýasynyň, Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň, «Sberbank» AGPJ-niň hem-de «Transkapitalbank» bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

Mundan başga-da saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow Russiýa Federasiýasynyň Statistika baradaky Federal döwlet gullugynyň  ýolbaşçysy P.Malkow bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetleriniň arasynda maýa goýum we innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar maliýe ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň mükinçilikleri babatynda pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi