Şu ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Agzalan ugur boýunça özara hereketleriň uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, taraplar ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary gurnamak boýunça ylalaşdylar.
Taraplar iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň derejesine baha berdiler hem-de energiýa, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga seretdiler. Işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikdäki çäreleri, sergileri we forumlary guramagyň derwaýyslygy nygtaldy.
Şeýle-de sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň hem-de “Hazar deňzi — Gara deňzi” halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi we şunuň bilen baglylykda, agzalan geçelgeleri durmuşa geçirmekde Eýranyň gatnaşmagynyň ýollaryna seredildi.