icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 aprel 2021

937

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda

8-nji aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-eýran Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriniň barşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga jikme-jik seredildi.

Taraplar global pandemiýa bilen bagly girizilen çäklendirmeler gowşanyndan soň, ýüzbe-ýüz görnüşde bilelikdäki medeni çäreleri guramak boýunça gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, wekiliýetler akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, şeýle-de bu sene mynasybetli bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de iki döwletiň sebitleriniň arasynda özara hereketleriň oňyn tejribeleri bellenildi. Taraplar ylym, bilim we lukmançylyk babatda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň üstünde işlemäge ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi