icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 aprel 2021

1152

Türkmenistanyň we Katar döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy

Şu gün, 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň we Katar döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow, katar tarapyna bolsa Söwda-senagat edarasynyň Başlygynyň birinji orunbasary Mohammad Bin Ahmad Al-Kuwari ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga şeýle-de iki döwletiň energiýa, söwda, dokma we azyk senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen döwlet we hususy sektorlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iki ýurduň wekiliýetleri Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda gyzyklanmalary beýan etdiler. Dürli işewür-düzümleriň işlerini jikme-jik beýan edýän prezentasiýalar gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de sanly tehnologiýalardan we port infrastrukturasyndan peýdalanmak arkaly senagat, energiýa, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi