icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 aprel 2021

815

Ženewada Patent hukugy hakyndaky Şertnama goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) ştab-kwartirasynda BIEG-nyň Baş direktory jenap Daren Tanga Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Patent hukugy hakyndaky Şertnama (2000-nji ýyldaky) goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň barşynda Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatnaşyklara ygrarlydygyny belläp geçdi.   

BIEG-nyň halkara hukuk resminamalaryna goşulmagy babatynda türkmen tarapyna minnetdarlygyny beýan etmek bilen, BIEG-nyň Baş direktory D.Tang Türkmenistanyň Gurama bilen birlikde täze «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllar üçin intellektual eýeçiligi ulgamynyň ösdürilmegi boýunça maksatnamanyň» işlenilip düzülmegi boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleri goldady.

Baş direktor Türkmenistanyň Şertnama goşulan 43-nji döwlet bolandygyny bellemek bilen, goşulmagy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy hem-de Türkmenistan tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjek we geljekde goşulmagy mümkin bolan BIEG-nyň beýleki resminamalaryna gatnaşykda hem islendik goldawlary bermäge taýýarlygyny mälim etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi