icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

07 maý 2021

3287

Bilim we ylym ulgamynda türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň Uniwersitetler we barlaglar ministri Kristina Messa bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny,  şeýle-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamalaryň düzgünnamalarynyň ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.   

Mundan başga-da, bilelikdäki tejribe alyş-çalyş, italýan ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlarda türkmen talyplarynyň bilim almagy meselelerine, şeýle hem italýan dilini öwrenýän türkmen talyplarynyň tejribe geçmekleri üçin Italiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine çagyrylmagy meselesine seredip geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi