icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 aprel 2017

1047

Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler

2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde Aşgabatda, Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Argentinanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary j-p Gustawo Rodolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdi. 

Ikitaraplaýyn gepleşikleriniň gün tertibine özara gyzyklanma bildirilýän meseleler bellenildi. Hususan hem syýasy, söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda, şeýle hem infrastruktura pudagynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde taraplaryň gyzyklanmalary bellenildi. Taraplar azyk howpsuzlygy we energetika howpsuzlygy ugurlarynda hyzmatdaşlyga meýillerini bellediler, oba hojalyk pudagynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdiler.

Syýasy ugrunyň meselelerine seretmek bilen, argentin tarapy Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli oňyn bitaraplyk syýasatyndan hoşallygyny aýtdy. Taraplar daşary syýasat edaralarynyň, pudaklaýyn düzümleriň, şeýle hem iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky özaragatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk hereketleri tassyklamakda tagallary birleşdirmegi ylalaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlygynyň kuwwatynyň ösdürilmeginde ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýetini bellediler. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýurtlaryň uzakmöhletleýin gyzyklanmalaryna gabat gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagyň meýillerini beýan etdiler.

Soňra Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn resminalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Argentina Respublikasynyň Daşary işler we däpler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Salgyt meseleleri boýunça maglumat alyşmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Argentina Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistana saparynyň dowamynda Argentinanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan kabul edildi.  Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmegiň, medeni-gumanitar ulgamynda, hususan hem bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerine garadylar. Şeýle hem, bilelikdäki çäreleri gurnamak arkaly iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi