icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 maý 2021

879

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

Şu gün, 15-nji maýdа Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ministrler şu ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly gepleşiginiň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de, söhbetdeşligiň dowamynda ministrler käbir sebitleýin we halkara meselelere seretdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin ýokary derejedäki gepleşikleriň işjeň dowam etdirilmeginiň derwaýyslygy nygtalyp geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi