icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 maý 2021

905

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi

2021-nji ýylyň 16-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanowyň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy.

Türkmen paýtagtynyň halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow garşylady.

17-nji maýda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr.

Şeýle-de giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň geçirilmegi hem meýilleşdirilen bolup, onuň barşynda taraplar netijeli türkmen-tatarystan özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi