icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 maý 2021

763

Türkmen paýtagtynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi öz işine başlady

Şu gün, 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi öz işine başlady.

Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan halkara ähmiýetli bu çäre türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr.

Köpugurly serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Milli Geňeşiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň köpsanly jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara Ýüzlenmesi okaldy.

Şu günki sergide milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň 80-e golaýy özleriniň önümlerini görkezýär. Olar dürli pudaklaryň hem-de halk hojalygynyň düzümleriniň ýetent belent sepgitleri we gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar, şeýle-de türkmen paýtagtynyň senagat, medeniýet we bilim mümkinçiliklerini, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady şertlerini giňden açyp görkezýär.  

Ertir, 25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly sergi öz işini dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi