icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 maý 2021

1186

Gruziýanyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlaýar

2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuka Murjikneli bilen duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki işiň oňyn tejribesi barada aýratyn belläp geçdiler.

Ilçi Mamuka Murjikneli Ilçihananyň işine yzygiderli goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda, Gruziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi hökmünde bitiren işleri hem-de döwletara gatnaşyklarynyň ösüşine, hususan-da iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, R.Meredow Ilçini Gruziýanyň Milli baýramy – Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, geljekki işinde üstünlikler arzuw etdi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi