icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 maý 2021

1053

Türkmenistanyň we Owganystanyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleriniň arasynda wideoaragtnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.  

Duşuşykda owgan tarapyndan Hyrat, Badhyz, Jowuzjan we Farýab welaýatlarynyň häkimleri, türkmen tarapyndan bolsa Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimleri çykyş etdiler.

Duşuşygyň dowamynda TOPH we TOP taslamalaryň, Turgundy-Hyrat demirýolunyň, iki ýurduň degişli welaýatlarynyň häkimlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi. 

Owgan tarapy Türkmenistanyň serhetýaka welaýatlarynda owgan banklarynyň biriniň şahamçasyny, Saglyk öýüni açmak, ammarlary, mekdepleri gurmak, şeýle hem guradylan miweleriň sergisini, sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça teklipleri orta atdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi