icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 maý 2021

1015

Türkmenistanyň Daşary işler ministri «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

2021-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar KHBS ugry boýunça maglumat alyş-çalşygy we özara hereketleriň ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň maglumat syýasatynyň ösüşine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan «Mir» DTRK Türkmenistanyň işjeň hem ynamdar hyzmatdaşy bolup durýar.

Uzak möhletleýin iş ýüzündäki gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanda «Mir» DTRK-nyň habarçylaryň nokadyny açmagyň, okuw sapaklary we stažirowkalary guramagyň mümkinçiliklerine seredildi. Türkmen tarapynyň «Mir» DTRK-a özüniň köpmillionly auditoriýasy bilen döwletleriň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýän öňdebaryjy we abraýly teleradiokompaniýa hökmünde seredýändigi nygtaldy.

Şu gün şeýle-de «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşiniň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi