Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana sapary

Şu gün, 16-njy iýunda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy oňyn häsiýetlendirdiler. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki Komitetiň çäklerinde yzygider gepleşikler arkaly berkidilýän işjeň syýasy-diplomatik gatnaşyklar bellenildi. «Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa» formatda yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň Strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen bagly pikir alşyldy. Şu nukdaýnazardan, bu ugry iş ýüzündäki oňyn netijeleri gazanmaga gönükdirilen anyk meýilnamalar we maksatnamalar bilen baýlaşdyrmak boýunça türkmen tarapynyň teklibi beýan edildi.

Taraplar Türkmenistanda ÝB bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli taslamalaryň ähmiýetini bellediler. Ýaşyl we durnukly ykdysadyýet ulgamy, oba sebitlerini ösdürmek, hususy pudagy goldamak we Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak boýunça ýurduň tagallalaryna ýardam bermek babatdaky taslamalara aýratyn gyzyklanmalar nygtaldy. Şeýle-de BOMKA we KADAP ýaly sebit taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.

Ykdysady, energiýa we ulag hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna seredildi. «Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa» Ykdysady forumlary mundan beýläk-de geçirmek boýunça türkmen tarapynyň gyzyklanmasy beýan edildi. Türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa bazarlaryna çykarmakda işleri ilerletmäge iki tarapyň ygrarlydygy bellenildi. Şeýle-de taraplar alternatiw energiýany ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar durnukly ulag we ekologiýa, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Türkmenistanyň «Gündogar-Günbatar» ugur boýunça, şol sanda «Hazar deňzi-Gara deňzi», «Lapis-Lazuli» geçelgeleri babatda sebit derejeli ulag we energiýa taslamalary durmuşa geçirmekde ýewropa tarapynyň goldawyny goldaýandygy bellenildi.

Taraplar medeni hyzmatdaşlygyň, şol sanda yzygiderli geçirilýän adam hukuklary boýunça «Türkmenistan - ÝB» Dialogyň ähmiýetini nygtadylar. Hünär-tehniki bilim boýunça taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmek babatda iki tarapyň gyzyklanmalary beýan edildi.

Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Buriana minnetdarlyk bildirdi.