icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 iýun 2021

919

Türkmen-fin maslahatlaşmalarynyň barşynda hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň DIM-niň arasynda türkmen-fin maslahatlaşmalary geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Fin tarapyna bolsa Finlandiýa Respublikasynyň DIM-niň wekilleri we Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek babatda gyzyklanmalary beýan etdiler. Döwletara gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Şu ýylda şular ýaly saparlary guramagyň mümkinçiliklerine seredildi.   

Diplomatlar DIM-iň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler we halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-niň çygryndaky işjeň özara gatnaşyklara iki döwletiň mundan beýläk-de ygrarlydygyny nygtadylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegi bellediler.

Şeýle-de Türkmenistan bilen Finlandiýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesine syn berildi. Bu gatnaşyklary ösdürmegiň uly mümkinçilikeriniň bardygyny bellemek bilen, taraplar hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli mehanizmlerini gözlemäge ylalaşdylar.

Mundan başga-da taraplar sebit we owgan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Goňşy döwletde parahatçylygy diňe syýasy we diplomatik usullar arkaly gazanmaga ynam bildirilýändigi barada türkmen tarapynyň garaýyşlary ýene bir gezek tassyklanyldy. 

Diplomatlar şeýle-de bilim we ylym babatdaky gatnaşyklar bilen bir hatarda, ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi