icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 iýun 2021

1549

Turkmenistan bilen Niger Respublikasy diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy

2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda Nýu Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Komýunike gol çekmek dabarasy geçirildi.

Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa bilen Niger Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Abdu Abarriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Hemişelik Wekiller iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara guramalarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-niň gün tertibinde duran Türkmenistanyň we Niger Respublikasynyň gyzyklanma bildirýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi