icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

23 iýun 2021

3399

Türkmenistan Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşinde synçy derejesini aldy

2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) Ýokary wezipeli döwlet işgärleriniň komitetiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşyk göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

CICA-nyň 27 sany agza-ýurtlaryndan ýokary wezipeli döwlet işgärleriniň, şol sança synçy-ýurtlaryň, CICA-nyň synçy hem-de hyzmatdaş guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn mejlisiň barşynda bu Forumyň meýdançasynda netijeli özara hereket etmegiň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde CICA-nyň Başlykly etmek boýunça Iş toparynyň ýolbaşçysy Şahrat Nuryşew Türkmenistanyň bu Guramada synçy derejesini almak baradaky ýüz tutmasynyň makullanylandygyny habar berdi.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň salgysyna bu derejäni almagy bilen bagly gutlaglaryny beýan etdiler, şunlukda ol Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşinde synçy derejesini alan 9-njy döwlet boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi