icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 iýul 2021

1414

Türkmenistanyň Ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine ynanç hatlaryny gowşurdy

2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabaha Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki (oturýan ýeri Abu-Dabi ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Köşgünde geçirildi.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabah, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna parahatçylyk we rowaçlyklar baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de kuweýt tarapynyň sebit we halkara gün tertibinde durýan wezipeleri çözmekde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi