icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

19 sentýabr 2016

2083

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Tatarystan Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň söwda we senagat ministriniň birinji orunbasary jenap Ruslan Kabirow bilen duşuşyk geçirildi.

 Ikitaraplaýyn salamlaşykdan soň, taraplar Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gazanylýan oňyn netijelerini we geljegi bar ugurlaryny belläp geçdiler.

Hususan-da, taraplar Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak saparyny,  şeýle hem Aşgabatda ikitaraplaýyn işewür maslahatyny we Türkmenistanda  Tatarystan Respublikasynyň Günlerini geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi