icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 maý 2017

1065

Belgiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2017-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Belgiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) j-p Bert Skofs bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Belgiýanyň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hoşallyk bilen bellediler. Syýasy we söwda-ykdysady ugurlarda geljekde gatnaşyklary ösdürmek meýillerini beýan edip, taraplar olary geljekde çuňlaşdyrmak boýunça teklipleri beýan etdiler. Duşuşygyň dowamynda  iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmakda gyzyklanmalar bildirildi. Mundan başga-da, tejribeleri alyşmak we yzygiderli esasda duşuşyklary geçirmek arkaly hökümetara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça gyzyklanmalar bellenildi.

Belgiýa tarapy Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy, durnukly ösüşi we energetika howpsuzlygy üpjün etmek boýunça başlangyçlaryna ygrarlylygyny aýdyp, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmasyny beýan etdi. Taraplar Energetika Hartiýasynda işjeň hyzmatdaşlyk etmek meýillerini bellediler. şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy "Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol" mowzugy boýunça Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumyna gatnaşmaga çagyrdy we 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň Aşgabatda geçiriljekdigi barada habar berdi.

Mundan başga-da, gepleşikleriň çäginde taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Netijeli we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýilini belläp, türkmen tarapy Ilçiniň täze bellenen wezipesinde zerur ýardamlary we goldawlary etmäge taýýardygy barada aýtdy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi