icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 iýul 2021

931

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň nebitgaz pudagynyň wekilleri Hazar deňzindäki bilelikdäki işleriň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Aşgabatda Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi öz işine başlady.

Nobatdaky duşuşykda türkmen tarapyna Iş toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Döwlet ministri - «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, azerbaýjan tarapyna – Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministri P.Şahbazow ýolbaşçylyk etdiler. 

Mejlise şeýle-de «Тürkmennebit» Döwlet konserniniň başlygy, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hem-de «Тürkmengeologiýa» Döwlet konserniniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň mart we maý aýlarynda geçirilen mejlisleriň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň derwaýys meselelerine seredip geçdiler. Geljegi uly hökümetara resminamasynyň netijeli durmuşa ornaşdyrylmagy ugrunda hyzmatdaşlaryň we maýadarlaryň bu taslama çekilmegi babatynda bilelikdäki işleriň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmelerini has hem pugtalandyrmak, bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň hemmetaraplaýyn açylmagy maksady bilen, 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi