icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 awgust 2021

1154

Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar

2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän öňde duran çäreleriň tertibine hem seredip geçdiler.

Bu ugurda, şu ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Kasym-Žomart Tokaýewiň geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi