23 awgust 2021
4841
Owganystandaky ýagdaýlar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň DIM-leriniň wekilleriniň arasynda ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary, şeýle hem umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek meselelerini, halkara hyzmatdaşlygyň syýasy hem-de ynsanperwer ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu babatda gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.
Başga habarlar
14
Noý
Туркменистан провёл очередную тематическую сессию в рамках COP31
14
Noý
COP31-iň çäklerinde Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň tanyşdyrylyşy boldy
13
Noý
COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi
13
Noý
COP31-iň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary
12
Noý
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Ähli habarlary görmek