icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 sentýabr 2021

1162

«Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly rezolyusiýasy kabul edildi

2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň teklibi bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan bir agyzdan kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 15-nji Sammitini geçiriler.

Bitarap Türkmenistan iri halkara guramalary bilen, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çägindäki sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete öwürmek üçin möhüm başlangyçlary hem-de taslamalary öňe sürýär. Munuň özi bolsa uzak möhletli geljek üçin netijeli gatnaşyklaryň berk esasyny döredýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi